Ýeňiş Taňryçasynyň Bir Hepde Soň Ikinji Heýkeli Tapyldy

Ýeňiş Taňryçasynyň Bir Hepde Soň Ikinji Heýkeli Tapyldy

Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabynda ýerleşýän gadymy Syedra şäherinde Rim döwrüne degişli 1800 ýyllyk Ýeňiş taňryçasy Nikeniň ikinji heýkeli tapyldy.

Gadymy şäherde Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde Karamanoglu Mehmetbeý uniwersitetiniň Binägärlik bölüminiň mugallymy Dos. Dr. Ertug Ergüreriň ýolbaşçylygynda 5 ýyldan bäri gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.

Gadymy Syedra şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde bir hepde ozal hem ýeňiş taňryçasy Nikeniň birinji heýkeli tapylypdy.

Mesele hakynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Gazuw-agtaryş işleri we ylmy barlaglar edarasyndan berlen beýannamada, “Alanýanyň gadymy Syedra şäherinde 83 santimetr belentliginde b.e.ozalky 2-nji asyra degişli Nikeniň ýene-de bir heýkeli tapyldy” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Nike kompaniýasynyň merkezi edarasy ýadawlykdan saplanmak üçin işgärlerine bir hepde rugsat berdi
Rowaýaty basketbolçynyň sport aýakgaby rekord bahadan satyldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
“Nike” kompaniýasy üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny çap etdi