Ýer eýeleriniň ýeňşi

Sanawyň öňdebaryjysy “Ahal” öz meýdançasynda “Energetik” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 20 hasabynda ýeňiş gazandy. “Ahal” toparyna çempionatdaky 5-nji ýeňşini gazandyran gollary 17-nji minutda Elman Tagaýew bilen 84-nji minutda Gurban Annaýew derwezä girizdi. Bu duşuşykda-da tapawutlanmagy başaran Elman Tagaýewiň şu möwsümdäki gollarynyň sany 6-a ýetdi.

Soňky çempion “Altyn asyr” paýtagt Aşgabadyň adybir toparyny uly hasap bilen, 41 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Eýýäm birinji ýarymda 3 gol geçiren “Altyn asyr” toparynyň adyndan 6-njy minutda Myrat Annaýew, 16-njy we 40-njy minutlarda Altymyrat Annadurdyýew hem-de 89-njy minutda Begençmyrat Myradow tapawutlandy.

Paýtagtlylaryň ýeke-täk pökgüsini bolsa, 85-nji minutda Nazar Towalakow derwezä girizdi.Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýewiň hem şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 6-a ýetip, ol bu ugurda Elman Tagaýew bilen iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda öňdeligi eýeleýär.

Marynyň “Merwi” öz meýdançasynda “Nebitçi” bilen duşuşdy. 20 hasabynda üstün çykan “Merw” şu möwsümde 2-nji gezek 3 utuk gazandy. Oýnuň 65-nji minutynda Begenç Alamow eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 4 minut galanda-da Rasim Gereýhanow ýer eýeleriniň 2-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Tapgyryň ýeke-täk golly duşuşygynda “Şagadam” paýtagtyň “Köpetdag” toparyny 10 hasabynda utdy. Kenarýaka şäheriniň wekili “Şagadamyň” ýeke-täk goluny 29-njy minutda Yhlas Magtymow uzak aralykdan derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi