Ýeralma ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär

Ýeralma ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär

Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary mukaddes topragymyzda bereketli önümleri ýetişdirip, ilatymyzy gök önüm bilen bütin ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün etmeklige özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.Olar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly-at myradyň mekany ýylynyň baharynda 1 müň 600 gektarda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň ekişini wagtynda guramaçylykly geçirdiler. Şu günlerde bolsa Günbatar sebitiň uzaklara ýaýylyp gidýän ekin meýdanlarynda kadaly gögeriş gazanylan ýazlyk ýeralma ideg işleri ösüş suwuny tutmak bilen utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle-de hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri degişli agrotehniki möhletlerde amala aşyrylýar.

Bu möhüm işler gadymdan gelýän ekerançylyk ýörelgeleri hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri, ösen tehnologiýalary esasynda kämil ýola goýulýar. Ýokary depginlerde barýan ýeralmanyň hatarara bejergi işlerinde-de Balkanobahyzmat önümçilik birleşiginiň etraplardaky Obahyzmat kärhanalarynyň mehanizatorlary has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.

Möhüm işlerde olara birleşigiň ýerlerdäki ussahanalarynda möwsüme irki möhletlerde deslapdan taýýarlanyp goýlan ätiýaçlyk serişdeleri uly ýardam berýär.Ekin meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyk guralýan takyk işler bolsa möwsümiň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlykly barylýar
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy