Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy

Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar.Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr.

Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Balkan sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi.Onuň ilkinji tapgyty ýokary hilli gurluşyk materialynyň 7000 tonna golaýy çykaryldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary Senagat ministrliginiň we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini, hususan-da demir magdanynyň gorlaryny ulanmak mümkinçiligini öwrendiler we “Çagyl” käninden çig mal almagy guramaga kömek berdiler.

Netijede geçen ýyl “Türkmensement” birleşigi bu komponenti daşary ýurtdan satyn almasyny goýdy we indi kärhanalary has berk gurluşyk materialyny çykarmak üçin zerur ýerli çig mal bilen üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar
Sementiň täze görnüşleriniň synag tapgyrlary çykarylyp başlandy
Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar
Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy