Sementiň täze görnüşleriniň synag tapgyrlary çykarylyp başlandy

Lebabyň sement zawodynda M-400-D-20 we M-500-D-20 görnüşli sementiň synag tapgyrlaryny çykarmaga girişildi.Bu gurluşyk materialyny önümçilikçiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň himiýa we organiki çig mallar tehnologiýasy laboratoriýasynyň işgärleri bilen bilelikde işläp taýýarladylar. Ýerli çig maldan alynýan owradylan bazalt tozy goşulan modifisirlenen bu sement berkidijisi sementiň mehaniki-fiziki sypatlaryna oňyn täsir edýär, ýagny onuň berkligini, dykyzlygyny, aýaza durtnuklylygyny güýçlendirýär, şeýle hem onuň özüne düşýän gymmatyny arzanladýar.

Mundan başga-da, beton garyşyk mineral çig malyň ulanylmagy daşky gurşawa ýaramaz täsiri has azaldýar. Ýakyn wagtda ýurduň ugurdaş zawodlary sementiň täze görnüşini çykarmaga girişerler.Täze önüm dürli fiziki-mehaniki we himiki-mineralogiki häsiýetli erginlerdir betonlaryň görnüşlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Müşderiniň talaplaryna görä kärhanalaryň maddy enjamlaşdyrylyşyna laýyklykda sementiň dünýä ülňülerine laýyk gelýan beýleki görnüşleri-de çykarylar.Häzirki wagtda gidrotehniki desgalarda ulanylýan sementiň has islegli M-400, M-500 we M-400 (sulfatadurnukly) görnüşleri öndürilýär.

Mundan başga-da, Kelete sement zawodynda nebit-gaz pudagynda ulanylýan PST- 100 tamponaž portlandsementi çykarylýar.Ozal sement önümçiligi üçin demir magdany daşary ýurtlardan satyn alynýardy.TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary Türkmensenagat Agentliginiň we Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, Çagyl käninden düzüminde demir bolan çig maly gazyp almagy ýola goýmaga kömek etdiler. Ýerli çgi mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýäniniň ornuny tutdy.

Demir magdanyny daşary ýurtlardan satyn almakdan ýüz dönderilmegi netijesinde bir ýylda ABŞ-nyň birnäçe million dollary möçberinde pul serişdesi tygşytlanyldy.Gurluşyk materiallary senagatynyň bu pudagynyň önümi daşary ýurtlarda-da uly islegli harytdyr. Şu ýyl Lebabyň kärhanasyndan Özbegistana we Owganystana 160 müň tonna golaý ýokary hilli sement ugradyldy.

Ýene degişli makalalar

Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň ýygyndysy neşir edildi
Himiýa institutynyň ylmy-barlag işleriniň ýygyndysy neşir edildi
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini artdyrjak elektrostansiýa açylyp, ulanylmaga berildi
Lebapda iri gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy
Moskwanyň Döwlet sebit uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar