Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

2023-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde 3-nji Bir Ýol, Bir Guşak forumy geçirildi.Foruma 130 ýurtdan we 30 halkara guramadan ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar. Ýewraziýa sebitinden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wegriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban şol maslahata gatnaşdylar.

Maslahatdan soň käbir şertnamalara gol goýuldy.

Russiýanyň Prezidenti Putin maslahatyň çäginde Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Tung, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistanyň Premýer-ministri Anwarul Hak Kakar we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hytaýyň döwlet Başlygy Szinpin, Wýetnamyň Prezidenti Tunong bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Berdimuhamedow, Gazagystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Hytaýly firmalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem-de býurokratlary bilen duşuşyklar geçirdiler.

Pekindäki maslahatyň çäginde Russiýa we Hytaý Raýat awiasiýa senagatyny ösdürmek boýunça gazna döretmek hakynda karar kabul etdiler. Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda 30 ylalaşyga gol çekişildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew Pekinden soň Sinjan Awtanomiýasyna sapar etdi. Ýerli ýolbaşçylar bilen duşuşan Prezident Tokaýew, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmelidigini beýan etdi.

2023-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Samarkand şäherinde Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 25-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa 130 ýurtdan wekiller gatnaşdylar. Özbegistanyň Prezidenti Mrziýoýew sessini açyp, çykyş etdi.

Üstümizdäki aýyň 19-da Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýa resmi gurady. Ministr Lawrow Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Kim Çen İn bilen duşuşdy. Russiýanyň daşary işler we goranmak ministrleri Demirgazyk Koreýa ýygydan sapar edýärler. Bu sapar Lawrowyň Phenýana guran 4-nji sapary boldy.

Şuşada geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Medeniýet ministrleriniň 40-njy mejlisinde kabul edilen karara laýyklykda Gazagystanyň Aktau şäheri 2025-nji ýylda Türki dünýäniň medeniýet paýtagty diýlip, yglan edildi. Kabul edilen beýleki bir karara laýyklykda Nobel baýragynyň laureaty, alym Aziz Sanjara TÜRKSOÝ-yň İlçisi derejesi berildi.

2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Bişkekde Türki döwletler guramasyna agza ýurtlaryň Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden jogapkär ministrleriniň 5-nji maslahaty geçirildi. Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew 2023-nji ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Stambulda geçiriljek Türki dünýäniň Media sammitinde Türki habarlar gulluklary bileleşiginiň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.

18-nji oktýabrda Samarkand şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň maslahaty geçirildi. Maslahatda Türki dünýäniň ýaşulylary 3-nji noýabrda Astanada geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň Sammitinde gol çekişiljek ylalaşyklar boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi