Ýewro-2020: Italiýa goşmaça wagtda Awstriýany ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ýewro-2020: Italiýa goşmaça wagtda Awstriýany ýeňip, 1/4 finala çykdy

Italiýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionaty - 2020-niň 1/8 final tapgyrynda Awstriýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýun Londondaky Uembli stadionynda geçirilip, italýanlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy. 95-nji minutda italýanlardan Federiko Kýeza hasaby açdy. 10 minutdan soňra Matteo Pessina ikinji goly geçirdi. 114-nji minutda awstriýalylaryň hüjümçisi Saşa Kalaýjik toparynyň ýeke-täk goluny geçirdi. Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2020-niň 1/4 final tapgyryna çykdy.

Ol Belgiýa - Portugaliýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar. Ýewro-2020-niň çärýek finalyna şeýle hem Daniýa çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Italýa ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy
ABŞ Eýranda Guralan Hüjümler Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi
Içeri Işler Ministri Soýlu, Italiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Messi taryhy rekordyň bosagasynda dur we super ýyldyzyň beýleki rekordlary
Messi we ýoldaşlary finalda, horwatlara bu gezek başartmady