ABŞ Eýranda Guralan Hüjümler Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi

ABŞ Eýranda Guralan Hüjümler Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi

ABŞ-nyň hökümeti Eýranyň Kirman welaýatynda 95 adamyň ölmegine, 211 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümler bilen arabaglanşykly bolandygy hakyndaky günäkärlemeleri ret etdi.

Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Mattew Miller günlük metbugat brifinginde mesele boýunça soraglara jogap berdi.

Miller; “Muňa ABŞ-nyň hiç hili dahyly ýok, aýyplamalar gülkünçdir. İkinjisi Ysraýylyň bu partlamalara dahylynyň bardygyna ynanmak üçin haýsydyr bir sebäbimiz ýok” diýdi.

Sekretar Miller hüjümlerde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Eýranyň Kirman welaýatynda Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň İýerusalim güýjüniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň gubyrynyň ýanynda guralan iki partlamada 95 adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady
Blinken Guterriş Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy
Hepdäniň täze animasiýalary
“Betis” hem-de “Wilýarrealyň” täze oýunçylary