Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Matt Miller, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Miller beren iki aýry beýannamasynda, Blinkeniň liderleriň ikisinede Azerbaýjan-Ermenistan parahatçylyk gepleşikleriniň ähmiýetini nygtap geçendigini we ABŞ-nyň şol meselede goldaw berjekdigini aýdandygyny mälim etdi.

Aliýew bilen geçirilen duşuşyk bilen bagly beren beýannamasynda Miller: "Blinken parahatçylygyň mümkindigine ynanýandygyny aýtdy. Mundan başgada Laçyn koridorynda bir gözegçilik nokadynyň döredilmeginiň parahatçylyk tapgyryna bolan ynamy gowşadandygyny we Laçyn koridorynyň söwda we hususy ulaglara iň gysga wagtda ýaňadandan açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdi" diýip habar berdi.

Miller Paşinýan bilen geçirilen duşuşyk bilen bagly beren beýannamasynda bolsa: "Blinken Günorta Kawkazda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin gönüden diýalogyň we diplomatiýanyň ýeke täk ýoldugyny aýtdy. Mundan başgada Premýer ministriň parahatçylyk tapgyryna bolan baglylygyny takdyr edýändigini aýtdy" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Goldaw Berýär
Garabagyň hekaýaty
Azerbaýjan Fransiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi
Ermenileriň Garabagda Geçiren Saýlawyna Reaksiýa Görkezilýär
Aliýew Bilen Paşinýan Brýusselde Duşuşarlar