Ýewropa Bileleşiginde müňlerçe tonna kofäni ýok etmekçi bolýarlar

Ýewropa Bileleşiginde müňlerçe tonna kofäni ýok etmekçi bolýarlar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda müňlerçe tonna kofe we kakao ýok edilmegi mümkin diýip, Habar 24 ýazýar.

Gürrüň tropiki tokaýlaryň bikanun çapylýan ýerlerinde öndürilen önümleri gadagan edýän kanun barada barýar. ÝB şeýle usul bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşýär. Bileleşigiň ambarlarynda häzir 200 müň tonna kofe we 150 müň tonna kakao-kösük bar. Bu halkara çig mal biržasynyň hasabaty. Indi Ýewropa zolagynyň kompaniýalary öz harytlarynyň ekologik kadalary bozmaýandygyny subut etmeli bolar.

Dünýäde kakaonyň 70 göterime golaýy Kot-d'Iwuarda we Ganada öndürilýär. Ol ýerlerde bolsa, tokaýlaryň çapylmagy we çaga zähmeti giňden ýaýrandyr. Kofäni iri öndürijiler Braziliýa, Wýetnam we Kolumbiýadyr.

Ýene degişli makalalar

15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sportuň taryhynda bu hepde
Ýene-de näme goşmaly?!
18-nji Dünýä Kubogy
Iň köp çempion bolan topar Müsüriň ýygyndysy