Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy

Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy

Parižde Ýewropa komissiýasynyň öňki başlygy Žak Delor 98 ýaşynda aradan çykdy, ony Ýewropa Bileleşiginiň atasy we binagäri hasaplaýarlar diýip, AFP habarlar gullugyna salgylanýan News.ru portaly ýazýar.

Syýasatçynyň aradan çykmagy bilen bagly gynanç hatynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron oňa Ýewropanyň binagäri, adalatlylygyň göreşijisi hökmünde baha berdi. 1981-1984-nji ýyllarda Delor Fransiýanyň maliýe ministri boldy, 1985-nji ýylda Ýewropa komissiýasyna ýolbaşçylyk etdi, ol bu wezipde üç möhlet bilen, tä 1995-nji ýyla çenli işledi.

Deloryň başlyklyk eden döwri Ýewropada umumy bazar giňişliginiň kesgitlenmegi, Şengen ylalaşyklarynyň baglaşylmagy, Erazmus talyp alyş-berişligi maksatnamasynyň kabul edilmegi, şeýle-de bitewi ýewropa pulunyň ýewronyň döredilmegi bilen häsiýetlendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Ruslan Žaksylykow Gazagystanyň Goranmak Ministri Boldy
Indoneziýanyň Täze Paýtagtynyň Ady Nusantara Bolar
Nikaraguanyň paýtagtynda Gagariniň döşheýkeli oturdyldy
Pikassonyň nakgaşlyk eseri 24,6 million dollara satyldy
Aýdymçy Rianna “Forbesiň” milliarderler sanawyna goşuldy