Ýewropa Bileleşiginiň Kabuldaky wekilhanasy işläp başlady

Ýewropa Bileleşiginiň Kabuldaky wekilhanasy işläp başlady

Ýewropa Bileleşigi Owganystanda hemişelik hereket etmegini resmi taýdan gaýtadan dikeldip, Kabuldaky wekilhanasyny açdy. Bu barada 1TV owgan teleýaýlymy Owganystanyň DIM-niň metbugat kätibi Abdula Kahara Balhiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

18-nji ýanwarda ÝB Owganystanyň ilatynyň durmuş taýdan zerurlyklary üçin 268,3 mln ýewro möçberlik taslamalary işe girizendigini yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde serişdeler ýurduň häkimiýetlerine däl-de, ýurduň ilaty bilen gönüden-göni iş alyp barýan BMG-niň edaralarynyň üsti bilen ýetirilýär. 2021-nji ýylyň awgustynda Taliban hereketiniň häkimiýete geçmegi bilen Owganystanda köp sanly daşary ýurt wekilhanalary ýapyldy.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Pakistan Kabula we Owganystanyň serhetýaka welaýatlaryna täze howa hüjümlerini amala aşyrdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi