Ýewropa jokrama yssy aralaşýar

Ýewropa jokrama yssy aralaşýar

Sinoptikler ýakyn günlerde Ýewropa yssy howanyň garaşýandygyny aýdýarlar. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär.

Şunlukda, Ispaniýanyň 32 ülkesinde termometriň sütünjigi ekstremal howa derejesini görkezer diýip, bu ýurduň döwlet howa maglumaty edarasy habar berdi. Ispaniýa we Balear adalary iň bärkisi 16-njy iýuna çenli jokrama yssydan ejir çeker. Käbir ýerlerde howanyň ýagdaýy Selsiý boýunça 43 derejä ýeter diýip, howa maglumaty gullugynyň işgärleri aýdýarlar.

Yssy howanyň şeýle ir aralaşmagy Ispaniýada 1981-nji ýylda bolupdyr.

Fransiýanyň günorta bölegine hem yssy howa howp salýar, şu günden, ýagny 15-nji iýundan başlap, sinoptikler ýurduň günorta-günbatarynda 35-36 derejede yssy boljakdygyny habar berdiler. Şunda iň jokrama yssy 16-18-nji iýunda bolar diýip garaşylýar.

Hünärmenleri howanyň gyzmagy bilen bagly guraklyk hem biynjalyk edýär, şonuň üçin fransuz departamentleriniň 35-si eýýäm suwy ulanmaga çäklendirme girizdi.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Ispaniýa ýene howply tebigy hadysalara taýýarlanýar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Daşary ýurt metbugatyna syn
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda