Ýewropa parlamentiniň agzalary, hukuk goraýjylar lukman Ismatullaýewany azat etmäge çagyrýarlar

Ýewropa parlamentiniň agzalary, hukuk goraýjylar lukman Ismatullaýewany azat etmäge çagyrýarlar

Ýewropa parlamentiniň birnäçe agzasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini, hukuk goraýjylaryň toslanan aýyplamalar esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýdýan, lukman Hursunaý Ismatullaýewany azat etmäge çagyrdylar.

14-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň bäş agzasynyň adam hukularyny goraýjy toparlaryň we garaşsyz neşirleriň ençemesi bilen birlikde ýaýradan beýanatynda 2017-nji ýylda bikanun işden kowulan lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň ykbalyna üns çekilýär.

Ýatlatsak, Ismatullaýewanyň ýolbaşçylary ilki onuň zähmet rugsadyny resmi taýdan tassyklap, soňra-da ony işe gelmezlikde aýyplap, işden boşatdylar. Ismatullaýewanyň sözlerine görä, ol näsaglara zerur bolmadyk bejergileri ýazmakdan, ýagny, ýolbaşçylaryň hassahana üçin goşmaça girdeji getirmek talabyndan ýüz öwrüpdir.

Netijede, öz hünäri boýunça işe ýerleşmez ýaly edilen Ismatullaýewa, ýurt içinde öz hukuklaryny gorap bilmän, daşary ýurtdaky garaşsyz neşire interwýu berýär.Soňra bu mesele 2021-nji ýylyň tomsunda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň guramaçylygynda geçirilen onlaýn maslahatynda gozgalandan bir gün soň, ol tussag edilýär.

Munuň yzy bilen, lukman galplaşdyrylan kezzaplyk aýyplamalary esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda höküm çykarylyp, 9 ýyl ýyl azatlykdan mahrum edilýär.

Hursunaý Ismatullaýewa geçen ýylyň 16-njy iýulynda çykarylan hökümiň ýyl dönümine gabat ýaýradylan beýanatda, ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowa lukmana garşy gozgalan işe gaýtadan seretmäge çagyryş edilýär.

Beýanatyň awtorlary lukmanyň garaşsyz neşire ýüz tutup, özüniň söz azatlygy we iş haklarynyň goraglylygy baradaky hak-hukuklaryny berjaý edendigini, munuň üçin hem ony uzak möhletleýin tussaglyk bilen jezalandyrmaly däldigini belleýärler.

Özge pikirlileri yzarlamakda ýakasyny tanadan türkmen hökümeti soňky ýyllardan bäri lukman Hursunaý Ismatullaýewa bilen birlikde, ýurtdaky bidüzgünçilikler barada çykyş eden ençeme adamy, şol sanda blogçy Myrat Düşemowy, aktiwist Mansur Mingelowy, Myrat Öwezowy, Nurgeldi Halykowy dagyny türme tussaglygyna höküm etdi. Hukuk toparlary olara ýöňkelen aýyplamalaryň toslamadygyny, aslynda, häkimiýetleriň olardan öz pikirini aýdany üçin ar alýandygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady