Ýewropada “Super” şenbe

Ertir, ýagny şenbe güni, 30-njy iýulda Ýewropanyň birnäçe ýurdunda Super Kubok duşuşyklary oýnalar. Çempion bilen Kubogyň ýeňijisiniň arasyndaky bu duşuşyklar şol bir wagtyň özünde çempionatyň täze möwsüminiň başlanýandygyny hem aňladýar. Ertir agşam Angliýada, Niderlandlarda, Germaniýada, Türkiýede, Portugaliýada Super Kubogyň eýeleri belli bolar.

100-nji duşuşygyň ýeňijisi haýsy topar bolar?

100-nji “FA Community Shield” duşuşygy

21:00 Ertirki Super Kubok duşuşyklarynyň ilkinjisi Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlap, onda “Premier Liganyň” çempiony “Mançester Siti” bilen FA Kubogynyň eýesi “Liwerpul” duşuşar.

Duşuşykda Lesterdäki “King Power” stadionynda geçiriler. “FA Community Shield” diýlip atlandyrylýan bu Super Kubogy duşuşygy 100-nji gezek oýnalar.Soňky gezek 2006-njy ýylda bu kubogy alan “Liwerpul” 16-njy, “Mançester Siti” bolsa 7-nji gezek bu kubogy eýelemek üçin meýdança çykar.

Täze transferler “Mançester Sitide” Erling Holannyň, “Liwerpulda” Darwin Nunýesiň hem oýnamagyna garaşylýar.

36 ýyldan soň çempion bolan “Trabzonspor” Super Kubogy-da alyp, täze möwsüme has hyjuwly başlamak isleýär.

22:45 Super Kubok duşuşyklarynyň 2-njisi 22:45-de Stambulda başlar. Türkiýäniň çempiony “Trabzonspor” bilen Kubogyň eýesi “Siwassporyň” arasyndaky oýun Stambuldaky Atatürk stadionynda oýnalar. Duşuşygy Türkiýäniň “Atv” teleýaýlymy göni ýaýlymda berer.

Niderlandlaryň Super Kubogyny “Aýaks” 10, PSW 13 gezek gazanmagy başardy.

23:00 Agşamyň 3-nji Super Kubok duşuşygy “Johan Cruyff Shield” diýip atlandyrylýar.Niderlandlaryň meşhur merhum ýyldyzy Ýohan Kroýffuň adyny göterýän bu kubok ýene-de onuň ady bilen tutulýan Amsterdamdaky stadionda Ýohan Kroýff Arenada oýnalar.

Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlajak oýunda çempion “Aýaks” bilen kubogyň eýesi “PSW Eýndhowen” duşuşar.Täjigistanyň “Futbol HD” teleýaýlymy arkaly görkeziljek oýunda “Aýaks” 10-njy, PSW 13-nji gezek bu kuboga ymtylýar.

23:30 “Türkmenistan Sport”, “Match tv”, “Varzish” teleýaýlymlary arkaly tomaşaçylara ýetiriljek Germaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda soňky 10 ýylyň çempiony “Bawariýa” bilen ilkinji gezek kubogy eýelän “Leipsig” güýç synanyşar. 23:30-da başlanjak oýun “Leipsigiň” meýdançasy “Red Bull Arenada” geçiriler. “Bawariýa” ýeňse 10-njy, “Leipsig” utsa ilkinji gezek “DFL-Supercup” atly bu kubogy eýelär.

“Porto” çempionlyk we kubokdan soň Super Kubogy hem gazanmak isleýär.

00:45 Super Kubok agşamy Portugaliýada jemlenip, çempion hem kubogyň eýesi “Porto” topary kubogyň finalçysy “Tondela” bilen duşuşar.Aweiro şäherindäki “Municipal” stadionynda oýnaljak bu oýun 00:45-de başlar. “Porto” bu kubogy şu wagta çenli 22 gezek eýelemegi başardy. “Tondela” topary ertir ýeňiş gazansa, onda olar ilkinji gezek “Supertaça Candido de Oliveira” adyndaky bu kubogy asmana götererler.

PSŽ Tel Awiwde oýnaljak oýunda ýyldyzlaryna uly ynam bildirýär.

PSŽ bilen “Nant” ýekşenbe güni duşuşar

Ýekşenbe güni, has takygy, 31-nji iýulda-da Fransiýanyň Super Kubogynyň eýesi belli bolar. “Trophee des Champions” (Çempionlaryň kubogy) diýlip atlandyrylýan bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar.

Geçen ýylky ýaly Ysraýylyň Tel Awiw şäherindäki “Bloomberg” stadionynda oýnaljak duşuşykda çempion PSŽ bilen kubogyň eýesi “Nant” toparlary duşuşar.PSŽ 11-nji, “Nant” 4-nji gezek Çempionlaryň kubogyny eýelemek üçin meýdança çykar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynyň play-off tapgrynyň duşuşyklary şu gün başlar
ÝÇL-iň saýlamasynyň pleý-off tapgyrynda deslapky duşuşyklar geçirildi
UEFA Çempionlar ligasynyň play-off tapgrynyň jogap duşuşyklary şu gün başlar
Super ýyldyzyň Ýewropa Ligasyndaky ilkinji goly
Ýewropa Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi