Ýewropada ýeňilmedik ýok

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň Germaniýadan galanynda arakesme tamamlandy. Geçirilen şu tapgyrdan soň Ýewropanyň esasy çempionatlarynda ýeňlişsiz topar galmady. Ilki Benfikanyň, soňra PSŽ-niň we ahyrynda-da Napoliniň ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy.

Italiýanyň çempionaty Serie A-da sanawyň ýeňlişsiz lideri Napoli bu derejesini elden giderdi.Interden 1-0 asgyn gelen Napoliniň derwezesinden ýeňiş goluny 56-njy minutda Edin Jeko geçirdi. Çempion Milan myhmançylykda Salernitanany Rafael Leao hem-de Sandro Tonaliniň gollary bilen 2-1 ýeňdi. Ýuwentus oýnuň soňky minutlarynda, has takygy, 90+1-nji minutda Arkadiuş Miligiň geçiren goly bilen entek ýeňşi bolmadyk Kremonezeni 1-0 utdy.

Serie A-da bu tapgyrda Lasio myhmançylykda Leççeden 2-1 asgyn gelen bolsa, paýtagtyň beýleki wekili Roma Pellegrininiň penaltiden geçiren goly esasynda Bolonýany 1-0 ýeňlişe sezewar etdi.

Şunlukda, Napoliniň hem ýeňilmeginden soň, Ýewropanyň esasy öňe saýlanan çempionatlarynda ýeňlişsiz ýeke topar hem galmady.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Serie A-nyň” täze möwsümi
“LIWERPULYŇ” ÝEŇIŞLI ÝÖRIŞI TAMAMLANDY
31 ýyldan soň