Ýewropanyň adam hukuklary sudy Orsýetden türkmen raýatyny ekstradisiýa etmezligi sorady

Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Türkmenistanyň raýaty Aşyrbaý Bekiýewiň Orsýetden öz ýurduna ekstradisiýa edilip tabşyrylmagyny yza tesdirdi diýip, Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” guramasy habar berýär.

Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Wiltaliý Ponomarewyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudy Orsýetiň resmilerine 16-njy maýda ýollan resminamasynda, Aşyrbaý Bekiýewiň işi boýunça sud tertibiniň 39-njy düzgünnamasynyň ulanylýandygyny mälim edi.

“Bu resminama Ýewropanyň sudunyň bu iş boýunça şikaýata doly garaýança, Orsýetiň bu adamy hiç bir ýurda bermäge we ony zor bilen ýuduň daşyna çykarmaga hakynyň ýokdugyny Orsýetiň häkimiýetleriniň dykgatyna ýetirýär. Üstesine, Ýewropanyň sudunda Bekiýewiň seredilmegi wagty talap edýär. Birnäçe aýdan Bekiýewiň tussaglykda saklanmagy üçin, Orsýetiň kanunlarynda göz öňünde tutulan möhlet tamamlanar”.

43 ýaşly türkmenistanly Aşyrbaý Bekiýew 2016-njy ýylyň maý aýynda, Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde tussag edilipdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda onuň Türkmenistana tabşyrylmak howpunyň abanýandygy habar berlipdi.

“Memorial” guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň raýaty Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Bekiýew 2009-njy ýylda Türkmenistany terk edipdir, şondan bäri maşgalasy we bäş çagasy bilen Sankt Peterburgda ýaşapdyr.

Habar berlişine görä, Türkmenistan 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Bekiýewe garşy iş gozgapdyr. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasynyň 1-nji bölegi boýunça gozgalan jenaýat işi sosial, milli ýa-da dini duşmançylygy tutaşdyrmak üçin üç ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Bekiýewiň aklawçylary we adam hukuklaryny goraýjylar Bekiýewe garşy Türkmenistanyň resmileri tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalarda gapma-garşylyklaryň bardygyna ünsi çekýärler.

“Bu ýerde Türkmenistan tarapyndan kesgitlenen aýyplama degişli ençeme gapma-garşy pursatlar bar, meselem, Bekiýewiň Türkmenistanyň territoriýasynda derňewden gizlenendigi aýdyplýar, emma Bekiýew 2009-njy ýylda ýurdy terk edenden soň gaýdyp barmandyr, oňa garşy jenaýat işi bolsa 2015-nji ýylda gozgalypdyr”.

Aşyrbaý Bekiýew 2016-njy ýylyň 22-nji maýynda tussag edileli bäri Sankt Peterburg şäheriniň deslapky tussaghanasynda saklanýar.

2016-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Orsýetiň Baş prokuraturasy Bekiýewi GDA ýurtlarynyň 1993-nji ýylda baglaşan Minsk ylalaşygynyň esasynda, Türkmenistana tabşyrmak kararyny yglan etdi.

2017-nji ýylyň 22-nji martynda Sank Peterburgyň şäher sudy Bekiýewiň bu karardan şikaýatyny kanagatlandyrmady.

Witaliý Ponomarýowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudunyň Aşyrbaý Bekiýewiň Orsýetden öz ýurduna ekstradisiýa edilmegini yza tesdirmek hakyndaky resmi duýduryşyny ýollamagynyň ertesi 17-nji maýda Orsýetiň jenaýat işler boýunça Baş sudy Bekiýewiň öz ýurduna berilmezligini sorap, eden arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi, emma Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudunyň Bekiýewiň Türkmenistana berilmezligi hakynda 16-njy maýda ýollan resminamasyny, adam hukuklaryny goraýjy HRW guramasynyň Orsýetiň baş prokuroryna ýollan ýüzlenmesini we BMG-niň Bosgunlar boýunça baş komissarynyň hatlaryny işiň materiallaryna goşmak hakynda aklawçylar tarapyndan edilen haýyşy berjaý etdi.

Çeşme: Azatlyk radiosy

Ýene degişli makalalar

Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
Diňle: Russiýadan deportasiýa edilen Aşyrbaý Bekiýew Daşoguzdaky deslapky tussaghanada saklanýar
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Täçmyrat Bekiýewiň Russiýadan Türkmenistana deportasiýa edilmegine 'taýýarlyk görülýär'
THF: Täçmyrat Bekiýew Sankt-Peterburgdaky deportasiýa merkezinden boşadyldy
Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýyl türme tussaglygy berildi
Türkmenistanyň şäherlerinde we etraplarynda 12 häkimlik ýatyryldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary başlandy, Türkmenistanyň DIM-i Wladimir Makeýiň biwagt aradan çykmagy sebäpli gynanç bildirdi