Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi

Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) Ýewropanyň iň ýokary 5 çempionatynda iň gymmat futbolçylaryň reýtingini neşir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Reýtingde birinji orny Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Winisius Žunior eýeledi, ol 166,4 mln ýewro bilen bahalandyryldy.Onuň yzyndan “Mançester Sitiden” Filip Foden (152,6 mln ýewro) we Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Erling Holand (142,5 mln ýewro) ýerleşdi.

Reýtingiň onlugyna şular hem goşuldy: 4.Meýson Grinwud (“Mançester Ýunaýted”) 133,9 mln ýewro; 5.Florian Wirs (“Baýer”) 133 mln ýewro; 6.Jud Bellingem (Dortmundyň “Borussiýasy”) 130,1 mln ýewro; 7.

Alfonso Dewis (“Bawariýa”) 122,3 mln ýewro; 8.Ruben Diaş (“Mançester Siti”) 120,5 mln ýewro; 9.Pedri (“Barselona”) 118 mln ýewro; 10.Frenki de Ýong (“Barselona”) 115,2 mln ýewro. “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe sanawda 48-nji orny eýeledi (71,5 mln ýewro).

Lionel Messi (“PSŽ) bilen Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”) CIES-iň hasaby boýunça iň gymmat oýunçylaryň ýüzlügine goşulmady.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Barselona Raýo Walýekanony ýeňip, Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 finalyna çykdy
Frenki de Ýog: Mende hiç hili täzelik ýok
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!