YHG-niň daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisi tamamlandy

YHG-niň daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisi tamamlandy

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-17-nji martda Mawritaniýanyň paýtagty Nuakşot şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklylygyň açary mowzugyna bagyşlanan mejlisiň dowamynda gurama agza ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hem mejlisde söz sözledi.Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna üns çekilmek bilen, onuň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gurama agza bolan ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň dowam etdiriljekdigi bellenildi.

Mundan başga-da W.Hajiýewiň çykyşynda bitaraplyk syýasatynyň we gepleşikleriň halkara parahatçylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuna we onuň esasynda emele gelýän oňyn netijelere ýokary baha berildi. Şol bir wagtda, taraplar YHG-nyň çäklerinde raýdaşlygy artdyrmak we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine çagyrylmak bilen bilen, Türkmenistanyň soňky ýakyn günlerdäki bu gurama agza bolan doganlyk döwletlere beren ynsanperwer goldawlary barada maglumat berildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistana barýan raýatlaryň serhetden geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýene köpelýär
Eýran bilen Mawritaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek
Galibaf Oraza baýramyny gutllady
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy
Afrikanyň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
7 Aýda Bal Eksportundan 26 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy