ÝHWHG-nyň Ministrler Geňeşiniň Maslahaty Polşada Geçirilýär

ÝHWHG-nyň Ministrler Geňeşiniň Maslahaty Polşada Geçirilýär

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň maslahaty öz işine başlady.

Guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Polşanyň ýer eýeçiliginde paýtagt Warşawadan 140 kilometr alysda ýerleşýän Lodz şäherinde geçirilýän maslahat 2 gün dowam eder.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 29-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Lodz şäherine gidipdi.

Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde Azerbaýjanyn Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen özara duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi