Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar.

Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr.Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyjy esasynda ozal öňe sürülen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny geçirmek boýunça onuň gün tertibindäki meselä seredildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi, hususan-da Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda işe girizilen bilelikdäki söwda zolagynyň ähmiýeti barada beýan edildi.Netijede, tehniki-ykdysady esaslandyrma barlagyny Sekretariatyň degişli taslamasynyň taýýarlanylmagy esasynda geçirilmegi teklip edildi.

Agzalan teklip Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Guramanyň Sekretariaty türkmen tarapynyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli taslamany taýýarlamaga girişer.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny atly KARARNAMASY
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar) atly KARARNAMASY
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
Bagaýi ABŞ-nyň ilçisiniň sözlerini ýazgardy
Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen Tähran konwensiýasynyň Sekretariatyny döretmek boýunça gepleşikleri geçirdi