Ykjam telefondan ilki gezek 50 ýyl mundan öň jaň edildi

Ykjam telefondan ilki gezek 50 ýyl mundan öň jaň edildi

Mundan 50 ýyl ozal, 1973-nji ýylyň 3-nji aprelinde ykjam telefondan ilkinji gezek jaň edilipdi diýip, Inform.kz ýazýar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, şol gün Motorola kompaniýasynyň inženeri Martin Kuper ilkinji el telefonyndan öz bäsdeşi, el telefonlaryny işläp düzüji AT&T Bell Labs kompaniýasynyň inženeri Joel Engelýua til kakypdy hem-de hakyky ykjam el telefonyndan jaň edýändigini aýdypdy.

Ykjam aragatnaşygy ýola goýmak pikiri ilkinji gezek baryp 1946-njy ýylda AT&T Bell Labs kompaniýasynyň hünärmenlerinde döräpdir. Emma ilkinji ykjam telefony döretmek Motorola başardypdyr.

Ilkinji Motorola DynaTAC telefonyny ykjam enjam diýip atlandyryp boljak däldi, onuň agramy 1 kilogramdy hem-de 22 santimetrlik daş görnüşi kerpiji ýatladýardy.

Ol gürleşilende, 1 sagat işleýärdi, güýç bermek üçin bolsa 10 sagatdan hem gowrak wagt gerekdi. Onuň ekrany ýokdy, esasy bezegi ikibaka yraň atyp duran antennasydy.

Onuň öň tarapynda 12 düwmesi: 10 sany sanly we jaňyň başlangyç hem-de tamamlanyş pursady üçin iki düwmesi bardy. Eger jaň kesilse, jaň edýän belgini täzeden aýlamalydy.

Enjamyň bahasy-da öte gymmatdy, 3500 dollardy, bu nyrh hatda häzirki günüň iň naýbaşy el tefonlarynyň bahasyndan hem ýokarydyr.

Ilkinji el telefonlarynyň köpçülikleýin satuwa çykarylmagy üçin ýene 10 ýyl gerek boldy, Motorola enjamlary satuwa çykarmak üçin şonça wagtlap býurokratlyk we tehnologik kynçylyklara garşy göreşmeli boldy.

El telefonlary üstünlikli köpçülikleýin ulanyşa goýbermek geçen asyryň 70-nji ýyllarda başartdy. 1984-nji ýylda, ABŞ-da Ameritech Mobile mobil aragatnaşyk hyzmaty ýola goýlandan bir ýyl soňra onuň ulanyjylarynyň sany 12 müň adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Toyota önümçiligini artdyrdy
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Angliýada awtoulag önümçiligi 31,6 göterim artdy
2023-nji ýylyň iň gowy wideooýunlary saýlandy
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy