Ynamly ýol hyzmaty HK hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär we bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Ynamly ýol hyzmaty HK hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär we bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Ynamly ýol hyzmaty HK okgunly ösýän kompaniýa bolmak bilen, gämi abatlamak, weýran etmezden synamak boýunça laboratoriýa barlagy, maglumat tehnologiýalary, elektroenergetika, senagat howpsuzlygy desgalaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, deňiz gämilerini agentirlemek ýaly ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär.

Kompaniýanyň işgärleriniň ýokary hünär ussatlygy gysga wagtyň içinde birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolmaga mümkinçilik berdi.Olaryň hatarynda: Gämi abatlaýyş hyzmatlaryny bermek, weýran etmezden synamak boýunça laboratoriýa barlagy we maglumat tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatlar boýunça ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 45001:2018 standartlaryna laýyklyk Güwänamasy; Russiýanyň gämi gatnawynyň deňiz registriniň Gämilerde we deňizdäki desgalarda galyňlyk ölçegini ykrar etmek hakynda Kepilnamasy hem-de Kärhananyň deňiz desgalarynda abatlaýyş işleriniň birnäçe görnüşine laýykdygy hakynda Kepilnamasy; Bureau Veritas-yň gämilerde we deňiz desgalarynda galyňlyk ölçegi boýunça Güwänamasy.

Kompaniýanyň esasy iş ugry gämi abatlaýyş hyzmatlaryny bermekdir. Birnäçe taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň durnukly ösmegi üçin ygtybarly binýady üpjün edýär. Gämi gurluşygy we beýleki ugurdaş pudaklar boýunça täze çemeleşmeleri özleşdirmek maksady bilen, kompaniýanyň wekilleri Stambulda (Türkiýe) EXPOSHIPPING EXPOMARITT 2023 we Pusanda (Günorta Koreýa) KORMARINE 2023 atly halkara sergilere gatnaşdylar.

Bu sergilerde deňiz gämilerini gurmak we abatlamak bilen meşgullanýan dürli ýurtlardan kompaniýalar, şeýle hem gämi gurluşygy üçin gurluşlary hem-de goşmaça enjamlary öndürijiler öz hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Sergilere baryp görmek, türkmen kompaniýasynyň wekillerine pudagyň iň täze tehnologiýalary we ugurlary bilen tanyşmaga, şeýle hem bazaryň öňdebaryjylary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Ynamly ýol hyzmaty HK nebitgaz pudagynyň senagat howpsuzlygy pudagynda hem ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Hususan-da, kompaniýa weýran etmezden synamak, desgalara tehniki taýdan hyzmat etmäge we abatlamaga ýöriteleşendir. Kompaniýanyň hünärmenleri dürli kemçilikleri ýüze çykarmak üçin obýektleri we olaryň böleklerini düýpli gözden geçirýärler. Bu hyzmatlara türkmen we daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Şu ýyl Ynamly ýol hyzmaty HK-nyň ilkinji gezek Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 atly XXVIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşandygyny bellemek gerek. Çäräniň dowamynda kärhana öz hyzmatlary bilen tanyşdyrdy we weýran etmezden synamak ulgamynda beýleki kompaniýalaryň wekilleri bilen tejribe alyşdy.

Ynamly ýol hyzmaty HK öz ugry boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolmaga çalyşýar.

Ynamly ýol hyzmaty HK-nyň işi barada goşmaça maglumatlary şu salgylardan alyp bilersiňiz: Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 297/1/30;

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Bellik: habar Sarayan kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we Turkmenportal internet neşirinde mahabat (reklama) gazanyň aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

“Ynamly ýörelge” sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar
Ynamly ýol hyzmaty kärhanasy hyzmatlarynyň hilini halkara şahadatnamalar bilen tassyklady
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
Goranmak ministri Ýaşar Güler gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi
Milli Goranmak Ministri Güler Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY