Ynamly ýol hyzmaty kärhanasy hyzmatlarynyň hilini halkara şahadatnamalar bilen tassyklady

Ynamly ýol hyzmaty kärhanasy hyzmatlarynyň hilini halkara şahadatnamalar bilen tassyklady

HIL-TM Merkeziniň Aşgabatdaky ofisinde Ynamly ýol hyzmaty hususy kärhanasyna gämi abatlaýyş hyzmatlary pudagynda, zyýan ýetirmeýän gözegçilik boýunça laboratoriýa synaglarynda we maglumat tehnologiýasy çygrynda ISO 9001:2015 — Hil dolandyryş ulgamlary, ISO 14001:2015 — Ekologik menejment ulgamlary, ISO 45001:2018 — zähmet howpsuzlygy we saglygy goraýyş dolandyryş ulgamlary ýaly standartlara laýyk gelýändigi bilen baglylykda, halkara şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy.

CERT International öňdebaryjy halkara sertifikatlaşdyrma guramasy tarapyndan berlen şahadatnamalar kärhana tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hilini, olaryň iň çylşyrymly halkara kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.

2022-nji ýylda esaslandyrylan we gämi abatlamak, zyýan ýetirmeýän gözegçilik boýunça laboratoriýa synaglary hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly pudaklarda iş alyp barýan ýaş kärhana eýýäm bu ugurlarda oňyn netijeleri gazandy.

Ynamly ýol hyzmaty hususy kärhanasynyň gazanan üstünlikleriniň hatarynda gämileriň galyňlygyny ölçemek üçin Russiýanyň Gämiçilik Deňiz Registri tarapyndan ykrar ediş şahadatnamasy, şeýle-de deňiz desgalarynyň ähli abatlaýyş işlerine laýyklyk şahadatnamasy bar.

Häzirki wagtda bolsa Klassifikasion Jemgyýetleriniň Halkara Assosiasiýasynyň (KJHA) agzasy bolan Bureau Veritas klassifikasion jemgyýetinde ykrar edilmek ugrunda işler alnyp barylýar.

Kärhana ýük ekspeditorçylygynda, gämi gullugynyň hyzmatlarynda, KJHA-nyň talaplaryna laýyklykda, olara zerur bolan hyzmaty ýerine ýetirmekde we abatlamakda ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem tor we kompýuter infrastrukturasy üçin tehniki goldaw berýär.

Häzirki wagtda Ynamly ýol hyzmaty hususy kärhanasynyň ýokary hünärli işgärleri tarapyndan Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki gämi ulagyny düýpli abatlama işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem, ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň önümçiliginde senagat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, göteriji mehanizmleriň (kranlar, liftler) we ýyladyjy enjamlaryň hyzmatyny üpjün etmek we sertifikatlaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.

Ynamly ýol hyzmaty hususy kärhanasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary derejesini we kärhananyň tejribesini tassyklaýan halkara şahadatnamalaryň bolmagy, ilkinji nobatda, iri taslamalary durmuşa geçirmekde mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.

Ynamly ýol hyzmaty HK-niň işi dogrusynda goşmaça maglumatlary şu salgylardan alyp bilersiňiz:

Telefon belgisi: (+993 62) 48 99 39.

Elektron poçtasynyň salgysy: info@ynamlyyol.com.tm

Resmi web saýty: ynamlyyol.com.tm

Ýene degişli makalalar

Ynamly ýol hyzmaty HK hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär we bazardaky ornuny pugtalandyrýar
“Ynamly ýörelge” sintetiki multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýar
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
Baýden Türkiýä F-16 Harby Uçarlaryny Satma Mümkinçilikleriniň Bardgyna Ynam Bildirdi
Goranmak ministri Ýaşar Güler gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi
Milli Goranmak Ministri Güler Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi