Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi.Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar.

Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary, onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär.Onuň şygryýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň şahsy döredijilik sergisi guraldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Türkmenabatda Mary teatrynyň eserleri görkezildi
Iň güýçli ýel bekedi bolar