Türkmenabatda Mary teatrynyň eserleri görkezildi

Türkmenabatda Mary teatrynyň eserleri görkezildi

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Olar Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda, Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Mülk atly spektakl bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Režissýor Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu spektaklynda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessurlary, maşgala mukaddeslikleri, hoşgylawlylyk, rehimdarlyk, dost-doganlyk ýörelgeleri çeper şöhlelendirilýär.

Spektaklda baş keşpleri Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurbibi Nazarowa, Muhammettirkiş Rüstemow we beýleki artistler ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Ýene degişli makalalar

Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatry halkara festiwalda Watandan uzakdaky gije atly sahna eseri bilen çykyş eder
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Edgar Ponuň eseri boýunça sahna oýny goýuldy
Daşoguz şäherinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýny görkezildi
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda Giýewleriň bäsleşigi 20 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşaçylara görkezilýär