Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda şu günler Garry möjek hakynda atly spektaklyň görkezilişi gyzgalaňly dowam edýär.

Aýmämmet Işangulyýewiň edebi ýazgysy boýunça Guwanç Baýmetowyň sahnalaşdyrmagynda ýaş tomaşaçylara hödürlenilýän sahna oýnunda esasy keşplerde Türkmenistanyň at gazanan artisti, sahna ussady Pirnepes Hojanepesow, tejribeli artist Narjan Hallakowa, ýaş zehinli artistler Gülşat Pälwanowa, Şeýdabeg Saryýew dagy çykyş edýärler.

Spektaklda dostluk, birek-birege ýagşylyk etmek, ýakynlaryňa, dost-ýarlaryňa goldaw bermek ýaly ynsanperwer häsiýetler wagyz edilýär. Sahna eseri ýaş tomaşaçylar üçin niýetlenen bolsa-da, uly ýaşlylary hem biparh goýmaýar.

Şeýle hem teatryň meýilnamasy esasynda Nesiller poemasy, Durna umydy atly spektakllaryň görkezilişleri hem guralýar.

Ýene degişli makalalar

Söýgi duralgasy sahna oýny taýýarlanýar
Durna ýelegi atly ýapon halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan spektakl
Durna ýelegi atly ýapon halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan spektakl
Aşgabatda Arkaç atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy
Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy
Daşoguz şäherinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýny görkezildi