Ýokary liga ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

Ýokary liga ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

“Köpetdag” “Şagadam” 2:1

Gollar: 25 Ýazgylyç Gurbanow, 80 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew 66 Baýram Ataýew.

Duýduryşlar: 28 Farhat Italmazow, 51 Ýunus Orazmämmedow, 67 Baýram Ataýew, 90+3 Salim Umarow.

“Altyn Asyr” “Nebitçi” 0:0

“Merw” “Aşgabat” 0:1

Gol: 49 (11 m.j.u.) Söhbet Allanurow.

“Ahal” “Energetik” 1:0

Gol: 80 Muhammet Esenow.

14-nji we 15-nji aprelde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 31-nji möwsümine badalga berildi. 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir öňe çykan aýratynlyklar bilen tanyşdyrýarys:

― Tapgyryň duşuşyklarynda Köpetdag ― Şagadamy 2:1, Aşgabat myhmançylykda Merwi we Ahal öz meýdanynda Energetigi 1:0 hasabynda ýeňdi. Altyn asyr bilen Nebitçi bolsa Büzmeýin etrabynda geçirilen duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlady.

― 1-nji tapgyrdan soň Köpetdagda, Aşgabatda we Ahalda 3, Altyn asyr bilen Nebitçide 1 utukdan bar. Şagadam, Merw we Energetik toparlaryna 1-nji tapgyrda utuk gazanmak başartmady.

― Köpetdagyň futbolçysy Ýazgylyç Gurbanow Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. 1-nji tapgyrdaky dört duşuşykda jemi 5 futbolçy tapawutlandy.

― Köpetdagyň başga bir wekili Şiri Annaýew täze möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Tapgyrdaky 5 goluň 2-si 11 metrlik jerimelerden geçirildi.

― Ahalyň 18 ýaşly futbolçysy Muhammet Esenow 1-nji tapgyrda Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― Täze möwsümde Köpetdag öz meýdanynda ýeňiş gazanan, Aşgabat myhmançylykda ýeňiş gazanan, Merw öz meýdanynda utulan, Şagadam myhmançylykda utulan ilkinji toparlar boldular.

― 1-nji tapgyrda Şagadam bilen Aşgabadyň futbolçylaryna 4 sary kartdan görkezildi.

― Şu tapgyrda Söhbet Allanurow Aşgabadyň düzüminde Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― Köpetdagyň hüjümçisi Ýazgylyç Gurbanow topar bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi. Futbolçy topar bilen çempionatda 22 gol geçirdi. Birinji orunda 26 golly Begenç Akmämmedow bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy ýeňdi
Rahat Japarow bilen bile ýedi futbolçy Ahalyň türgenleşiklerine goşuldy
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
TÝL ― 2022: Begenç Akmämmedow Köpetdagda 10-njy pökgüsini geçirdi
TÝL ― 2022: Köpetdag Aşgabady iki pökgi artykmaçlygy bilen ýeňdi