TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy ýeňdi

TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy ýeňdi

Türkmenistanyň 31-nji futbol çempionaty Aşgabatda geçirilen duşuşyk bilen öz badalgasyny aldy ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtdaky Aşgabat köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda Köpetdag bilen Şagadam toparlary güýç synanyşdylar. Birinji tapgyryň ilkinji duşuşygy paýtagtyň toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklary 15-nji aprelde geçirilip, onda Altyn asyr Nebitçi, Merw Aşgabat, Ahal Energetik toparlary duşuşarlar.

Üç aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatynda toparlaryň dokuzysynyň (Altyn asyr, Ahal, Şagadam, Nebitçi, Aşgabat, Energetik, Merw, Köpetdag, Arkadag) çykyş edýändigini ýatladýarys.

Futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 14-nji apreli bilen 30-njy maýy aralygynda, ikinji, hem-de üçünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

1-nji tapgyryň duşuşygy:

Köpetdag Şagadam 2:1

Gollar: 25 Ýazgylyç Gurbanow, 80 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew 66 Baýram Ataýew.

Duýduryşlar: 28 Farhat Italmazow, 51 Ýunus Orazmämmedow, 67 Baýram Ataýew, 90+3 Salim Umarow.

Geçirilen ýeri: Aşgabat stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Ýokary liga ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar