Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Brain ring bäsleşigi geçirildi

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Brain ring bäsleşigi geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we özara pikir alyşmak maksady bilen Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugry boýunça zenan alymlar atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň toparynda çykyş eden Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlyk ugrunyň talyplary Beghanow Jemşit, Gurbanowa Aýlar, Öwliýagulyýewa Aýşat, Nuradinowa Sewara we Çaryýewa Şekersoltan garşydaşlaryndan saýlanyp, Baş baýragy eýelemegi başardylar.

Mundan başga-da bäsleşikde 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, 2-nji orna Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, 3-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet gurluşyk we binagärlik institutynyň talyplar toparlary mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysynyň MAFA-nyň çempionatynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary