Ýokary tizlikli otly ýoly gurulýar

Soňky ýyllarda demir ýol ulgamyny barha kämilleşdirýän Hytaýda ýokary tizlikli täze ýollaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurduň döwlet demir ýol kompaniýasynyň ýokary derejeli wekili Lu Dongfu uzynlygy 435 kilometre barabar bolan täze ýoluň gurulýandygyny mälim etdi. Ýurduň Tibet awtonom sebitindäki Ningçi hem-de Syçuan şäherleriniň arasynda gurulýan demir ýol şahasynda ulanyljak otlular elektrik energiýasy hem-de adaty ýangyç bilen hereket eder.

Gurluşygyna 2014-nji ýylda başlanan demir ýol şu ýylyň iýun aýynda ulanmaga berler. Ýolagçy otlulary sagatda ortaça 160 km tizlik bilen hereket eder.Hytaý 2025-nji ýyla çenli ýurtdaky ýokary tizlikli otly ýollarynyň uzynlygyny 50 müň kilometre ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Lu Dongfu geçen ýylyň ahyrynda bu görkezijiniň 37 müň 900 kilometre ýetendigini mälim etdi. Ýurtda hytaýly inženerler tarapyndan işlenip düzülen Fuxing atly demir ýol ulaglary ulanylýar.Bu otlular 160-350 km/sagat aralygynda hereket edýär.

Hytaý günorta-gündogar ýurtlary bilen hem demir ýollaryny gurmagy maksat edinýär.Geljekde Trans-Gimalaý köpugurly ýol taslamasy durmuşa geçiriler.Bu taslamanyň çäklerinde guruljak ýol Nepal bilen Hytaý Tibet awtonom sebitini birikdirer.

The post Ýokary tizlikli otly ýoly gurulýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Grandala gögümtil we goňrumtyl guşlar
26-njy gezek çykdy
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Tibetde Ýer Titremesi Boldy
Dünýäniň iň owadan obalary
Amerikan geofizikler birleşigi: 2100-nji ýyla çenli tomus ýarym ýyl dowam eder