ÝOLAGÇY OTLULARYNA ELEKTRON BILETLERI ONLAÝN RESMILEŞDIRMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANDY

ÝOLAGÇY OTLULARYNA ELEKTRON BILETLERI ONLAÝN RESMILEŞDIRMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANDY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy.

Oňa laýyklykda, ýolagçylar gatnawdaky ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly ýa-da bilet satýan terminallarda, şeýle hem zerur bolan halatlarda ýolagçylara hyzmat edilmegi üçin açyk bolan demir ýol beketlerinde alyp bilerler.

Ýolagçy Android smartfonynda Play Market-den ýa-da iPhone smartfonlarynda AppStore programma üpjünçiligine birikdirilen Turkmenistan Railways programma üpjünçiliginden özüne amatly senede we wagtda gatnawdaky ýolagçy otlularyna gidiş we gaýdyş elektron biletleri satyn alyp biler.

Programma üpjünçiliginde ýolagçy tarapyndan ähli bellikler we amallar ýerine ýetirilenden soňra, onuň elektron poçtasynyň salgysyna ýa-da SMS habarnamanyň iberiljek öýjükli telefon belgisine QR Code şekilli Elektron biletiň nusgasy gowuşýar. Ýolagçy bu bileti otla münmezden ozal çap edilen görnüşinde ýa-da smartfonyň ekranynda wagonyň ýolbeledine görkezmelidir.

Bu hereket ýolbelediň QR Code Scanner enjamynda biletde ýerleşdirilen QR Code arkaly ýolagçynyň münýändigini ýa-da düşýändigini anyklamagy üçin zerurdyr.

Eger-de, biletiň çap edilen görnüşiniň ýa-da smartfonyň bolmadyk ýagdaýynda, ýolagçy demir ýol bekediniň bilet satýan kassasyna ýüz tutup, şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezmek bilen, onuň çap edilen görnüşini alyp biler.

Ýolagçy elektron bileti resmileşdirmek bilen bagly berýän şahsy maglumatlarynyň takyklygyna we dogrulygyna jogapkärçilik çekýär. Ulanylmadyk elektron biletiniň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi demir ýol beketleriniň bilet satýan kassalarynda amala aşyrylýar.

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň Tertibi bilen giňişleýin Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynyň Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalar bölüminden tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, Demirýollary otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Sagatdaky tizligi
Turkmen-Afghan talks in the field of transport
“Railways” bilen bilet almak has hem aňsatlaşdyryldy
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI