Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi

Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi

Newark Liberty halkara howa menzilinden Los-Anjelese gitmek maksady bilen ýola çykan United Airline kärhanasyna degişli uçarda bomba howsalasy başdan geçirildi.

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen ilkinji maglumata görä ýola çykanyndna 2 sagat soň uçaryň hajathanasynda "uçaryň partlajakdygy" barada hat tapyldy.

Şol sebäpli düzüminde 202 ýolagçysy bolan uçar, gyssagly gonmak üçin Çikagonyň O'Hare howa menziline ugrukdyryldy.

Howpsuzlyk güýçleri ýolagçylary ewakuasiýa edip, polisiýa gullugyna degişli itler bilen uçarda ençeme sagatlap gözleg işlerini geçirdi, emma howply zat tapmady.

Esasyzdygy ýüze çykan bomba howsalasydnan soň uçar, Çikagodan ýaňadandan Los-Anjeles halkara howa menziline tarap ugrady.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäheri
Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Dinozawrlaryň keşbindäki egin-eşikli üýşmeleňi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy