Ýolagçylar kosmos internetinden peýdalanar

Ýolagçylar kosmos internetinden peýdalanar

Lufthansa toparyna degişli bolan 850 töweregi ýolagçy uçarynyň ählisinde Starlink-iň interneti elýeterli ediler. Şu ýylyň dowamynda awiakompaniýanyň häzirki bar bolan hem-de indi satyn alynjak uçarlary ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilip başlanar. Şeýlelikde, ýolagçylar wideo tomaşa edip, internet bilen bagly işlerini ýerine ýetirip bilerler. Bu hyzmat ähli ýolagçylara tölegsiz hödürlener.

Iri kompaniýalaryň köpüsinde ýolagçylara internet hyzmaty hödürlenýär. Munuň üçin adatça kosmos internetinden peýdalanylýar. Lufthansa Ýewropada iň köp uçaryny internet bilen üpjün eden kompaniýa bolar. SpaceX kompaniýasyna degişli bolan Starlink ulgamy emeli hemralar arkaly ýokary hilli interneti üpjün edýär.

Gurban Gurbanow,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 'Türkmenhowaýollary' bilen bagly howpsuzlyk duýduryşyny ýaýratdy
Dekabr aýyndan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy AGPJ-niň uçar ugurlary artar
“Türkmenhowaýollary” ÝB-niň çäklerine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy
ÝUNISEF-iň başlangyjy bilen howaýollary şereketleri COVID-19 sanjymlarynyň daşalmagyna goldaw berer
THÝ Liderligini Dowam Etdirýär
Türk Howaýollary Ýewropada Liderligi Elden Bermeýär