Ýozgat Çanak Peýniri

Ýozgat Çanak Peýniri

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitinde ýerleşýän Ýozgat şäheri esasan hem iýmit we içgi medeniýeti bilen bagly milli önümleri bilen tanalýar.Adyny içine basylýan toýundan ýasalan kublardan alyp gaýdýan Ýozgat Çanak Peýniri Ýozgadyň şäher häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Peýnir şäheriň obalyk ýerlerindäki tebigy ösümliklerden we suw çeşmelerinden iýmitlenýän goýunlardan, geçilerden we sygyrlardan alynýan süýdüň garyndysyndan öndürilýär.Peýniriň önümçiliginde milli usullar ulanylmak bilen birlikde, esasan hem süzmek işlerinden soň süýt gyzdyrylmaýar.

Eger süýt sagylanyndan soň garaşdyrylyp sowan bolsa, onda süýt pesiräk otda azyrak gyzdyrylyp maýalanýar.Maýalanan süýt gowy edip garyşdyralanyndan soň, süýdüň ýerleşdirilen gazan galyň biz mata bilen örtülip, 5 sagat garaşdyrylýar we ondan soň peýniriň suwunyň akmagy üçin matadan dikilen torbalara goýulyp, beýik bir ýere asylyp, süzülmäge goýulýar.

Galan suwyň dolulygyna çykmagy üçin bolsa, torbanyň içindäki peýniriň bölekleriniň üstüne 24 sagat möhlet bilen uly daşlar goýulyp, basyş işleri geçirilýär.Basyş işlerinden geçirilen peýnirler giň legenlere boşadylýar we pyçak bilen uly böleklere kesilip, duzlanýar. Şol işler birnäçe gezek gaýtalanyndan soň peýnir, az mukdarda goýulyp, howa girmezligi üçin el bilen kub görnüşdäki gaplara goýulýar.

Gap dolanyndan soň, agyz bölegine ýene-de biraz duz sepilýär we içinde boşluk bolmajak görnüşde arassa biz mata bilen daňylýar.Peýnir 2-3 gün şolar ýaly görnüşde garaşdyrylanyndan soň, ters öwrülip ýene-de 1 hepde goýulýar.

Ondan soň gabyň agzy gaty edip ýugrulan hamyr bilen ýapylýar we gap ters öwrülip dolulygyna çägä gömülip, doly taýar bolýança çenli goýulýar.

Ýene degişli makalalar

18-nji Mart Çanakgala Deňiz Ýeňişi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Çanakkale Yşykeli Nohut Kofesi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny