Yragyň Prezidentiniň ýakynda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýär

Yragyň Prezidentiniň ýakynda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýär

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Yragyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda Bagdat şäherinde geçirilen duşuşykda Yragyň Prezidenti Abdel Latif Raşidiň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen barmaga taýýardygy bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan metbugat beýanatynda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5-8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygy bellenilýär.

Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Premýer-ministr Al Sudani ýurduň baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegleriniň netijesinde Yraga daşary ýurtlardan iberilýän tebigy gazyň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Türkmen wekiliýeti Yragyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi we onuň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy.

Habara görä, yrakly hyzmatdaşlar türkmen gazyny goňşy Eýranyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Yragyň her ýylda 10 milliard kub metre golaý türkmen gazyny almaga taýýardygy bellenildi.

Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe we guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”
Türkiýe-Yrak gatnaşyklary
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Yragyň Premýer-ministri türkmen wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi