Yragyň Premýer-ministri türkmen wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi

Yragyň Premýer-ministri türkmen wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi

Habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanyň döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yrakda saparda bolýar.Saparyň çäklerinde düýn Bagdatda Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektrik ministri Ziad Ali Fadeliň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda Yragyň elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gaz ibermek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle-de düýn Yragyň energetika boýunça wise-premýeri, nebit ministri Haýan Abdul Gani türkmen wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.

Şu gün Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa al Sudani türkmen wekiliýetini kabul edip, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we onuň geljegi barada gepleşikleri geçirdi.

Yragyň Elektrik energetikasy ministrliginiň resmi habar bermegine görä, duşuşykda Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda Yragyň elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gaz ibermek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetine üns berildi we onuň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Premýer-ministriň bellemgine görä, şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Yragyň wekiliýeti degişli şertnamalary baglaşmak maksady bilen, Aşgabatda saparda bolar.

Bellenilişi ýaly, Yrak Hökümeti ýangyç-energetika pudagyna aýratyn ähmiýet berýär, şonuň bilen baglylykda, bu pudaklaryň esasynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we ösdürmek üçin baý tebigy mümkinçilikleri bar.Häzirki wagtda Yragyň gaz baýlyklaryny netijeli peýdalanmak üçin, oňa maýa goýumlary çekmek zerur bolup durýar.

Bagdat türkmen gazyny import etmek bilen, elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmegi, energiýa pudagynda ozaldan dowam edip gelýän kynçylyklary çözmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekilen resminamanyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň Yrak bilen başga-da gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň baý uglewadarod serişdeleri, ykdysady mümkinçilikleri dogrusynda maglumat berildi.

Şeýle-de, okaň:

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Yragyň Prezidentiniň ýakynda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirilýär
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Yrak döwletine sapar gurady
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar