Yslam Ynkylapyň ýokary derejeli lideri: Duşmanyň meýilnamasy imany we umydy gowşatmakdyr

Yslam Ynkylapyň ýokary derejeli lideri: Duşmanyň meýilnamasy imany we umydy gowşatmakdyr

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, duşmanyň meýilnamasyny imany we umydy pese gaçyrmak we ýurdyň resmilerini iş bilmezlikde aýyplamak diýip hasapladylar.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Lideri 1401-nji ýylyň Hordad aýynyň 22-nji gününde ýurduň Çarwadar gatlagynyň şehitleriniň milli kongresiniň işgärleriniň ýygnagynda eden çykyşy, şu gün irden (sişenbe), Çahaharmahal we Bagtyari welaýatynyň Şahrekord şäheriniň konferensiýa ýerinde neşir edildi.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri bu ýygnakda çarwadarlaryň beýik ymamyň tarapyndan ýurduň ätiýaçlyk gorlary hökmünde düşündirilmegine salgylanyp, bu gurultaýyň geçirilmegini halkyň üns bermegi we çarwadarlar bilen tanyşmagy üçin amatly pursat hasapladylar we şeýle diýdiler: Häzirki wagtda Eýrany we Yslamy ýigrenýänler ýumşak söweşe bil baglaýarlar, şonuň üçin milletiň ähli agzalary, şol sanda çarwadarlar hem medeni işlere we önümlere mätäçdirler.

Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri, çarwadarlaryň soňky iki ýa-da üç asyryň dowamynda kesekileriň köp sanly tagallalarynyň öňünde görkezen çydamlaryna yşarat edip bu tagallalaryň maksady çarwadarlary ýurtlarna dönüklik etmäge mejbur etmek, ýurdy dargamak we raýat urşy ýaly hereketleri ýola bermekdi ýöne hiç haçan başa barmady, şonuň üçin eýranly çarwadarlar milletiň iň wepaly gatlaklarynyň hataryna girýärler diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de Ynkylap döwründe we mukaddes goranyş döwründe çarwadarlaryň pidakärçiliklrini we wepalylygyny ýene bir beýan edip: Adamlaryň, şol sanda çarwadarlaryň arasynda agzybirligiň, ösüşiň we özüňden geçmegiň esasy faktory "din" faktorydy we Ymam Homeýniniň (ra) ynkylaby ýeňişe alyp barmak üçin şol möhüm elementi ulanandyr diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözleriniň ýene bir bölüminde dini ynamyň gowşamagyna, ýurduň geljegine bolan umydyň we optimizmiň gowşamagyna millete garşy ýumşak söweşiň bir bölegi hökmünde garamak bilen şeýle diýdiler: Umytsyzlyga, dartgynlyga we resmileriň ýurdy dolandyrmagy bilmeýändiklerine sebäp bolmak, Eýranyň duşmanlarynyň hereketlerinden biridir we häzirki wagtda geljegi umytdan düşürýän ýa-da halkyň ynamyny gowşadýan ýa-da wezipeli adamlaryň edýän tagallalaryna we meýilnamalaryna pessimist garaýan her bir adam, bilse-de bilmese-de, duşman üçin işleýär diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de Şehitleriň möhüm sapagyny umyt sapagy diýip atlandyrmak bilen söweşijilerimiz adaty hasaplamalara görä ýeňiş umydy bolmadyk ýagdaýda söweş meýdanyna girdiler ýöne şol umytly göreşleriň netijesinde söweş Yslam Respublikasynyň mertebesi bilen we basybalyjylaryň basyp ýatyrylmagy bilen gutardy we bu iň kyn ýagdaýlarda-da ylahy kömege we tagallalara umyt baglamalydygyny aňladýar diýdiler.

Ýene degişli makalalar

Alpha Flowers dükany ter güllerden baglanan çemenleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Alpha Home möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi bilen sargyt esasynda ýumşak mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär
Alpha Home Türkmenistanda jaýlary abatlamak we mebel öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär
Amir Abdullahýanyň 36-njy Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň myhmanlary bilen duşuşygy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň duşmanlara garşy garşylyk ýoluny dowam etdirmäge ünsi çekmekleri
Ynkylabyň ýokary lideri: kimdir biri Yslam respublikasynyň berk agajyny ýykmagy galat edip ýadyna alar