Yslamadatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Yslamadatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurduň çäklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanynyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly eseri ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyny, halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyryň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we akyldar şahyrymyz bilen bagly fotosuratlar we wideo ýazgylar bilen tanyşdylar.

Dabaranyň ahyrynda Halkara TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň tarapyndan 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri barada maglumat berildi.

Ýene degişli makalalar

“Ukraine Business Review” gazetinde Änew şäheri hakynda makala çap edildi
Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Sahnada Gilgameş atly spektakly
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA