Ysraýyl Eýrana garşy operasiýalary goldamak üçin Yrakda iki sany gizlin harby baza döretdi

Ysraýyl Eýrana garşy operasiýalary goldamak üçin Yrakda iki sany gizlin harby baza döretdi

“Nýu-Ýork Taýsm” gazetiniň habar bermegine görä Ysraýyl Eýrana garşy operasiýalary goldamak üçin Yragyň günbatarynda ýerleşýän çölde iki sany gizlin harby baza açdy.

Gazet yrakly we ýerli resmilere salgylanyp, ýüze çykarylan desgalardan biriniň, Ysraýylyň bir ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal ulamuam iki sany gizlin desgadan biridigini habar berdi.

Resmiler desgalaryň esasan awia goldaw, ýangyç üpjünçiligi we lukmançylyk enjamlary üçin peýdalanylýandygyny, 2025-njiýylyň iýun aýynda Eýrana garşy guralan 12 günlük uruşda hem ulanylandygyny aýtdylar.

Desgalardan biri yrakly çopan Awad Al-Şammariniň mart aýynda Al-Nukaibiň golaýynda adatdan daşary harby işlere gabat gelmeginden soň ýüze çykdy.

Al-Şammari dik uçarlary, çadyrlary we gonalga ýaly bir ýeri görenden soň ýerli resmilere habar berdi.

Habarda Al-Şammariniň birnäçe gün soň öli tapylandygy, sebitde derňew işini geçirmek ugradylan Yraga degişli güýçlere od açylandygy, bir esgeriň ölendigi we iki esgeriň ýaralanandygy beýan edildi.

“Woll Strit Jornal” gazeti aýyň başynda Ysraýylyn sebitde gizli harby desga gurandygyny habar beripdi.

Yragyň ýokary derejeli harby resmisi “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda Yragyň günbatarynda ýerleşýän çölde Ysraýylyň harby işleri hakyndaky habarlaryň “ýalňyşdygyny” mälim etdi.

Emma harby ýolbaşçy Yragyň harby güýçleriniň mart aýynda Al-Nukaib çölünde “syrly” awia-desant operaiýasynyň guralandygyny we şondan bäri waka bilen bagly derňew işiniň geçirilendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi aradan çykdy
Russiýada telefonlardan we telewizorlardan ýol gurlup başlandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz habar beriş serişdesini döretmek başlangyjyny öňe sürdi