Ysraýyl Eýrana garşylyk görkeziljekdigini aýtdy

Ysraýyl Eýrana garşylyk görkeziljekdigini aýtdy

Eýranyň döwlet telewideniýe kanaly KAN Eýrana gözegçilik etmegine mümkinçilik berjek, garşylyk görkezip bilmejek we sebiti giň gerimli uruşa öwürmejek, çäkli bir hüjüm meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Eýran bilen dartgynlygyň artmagy bilen Gazanyň ikinji oruna geçmeginiň islenmeýändigine ünsler çekilen beýanatda resmileriň Eýranyň ilkinji gezek öz topraklaryndan gönüden bir hüjüm guramak üçin gyzyl çyzygyň geçilendigini we oňa garşylyk görkezmegiň mejburdygy baradaky garaýyşyň bardygy bellendi.

Ysraýylyň Harby-howa güýçleriniň Eýrana guralmagy ähtimal hüjüm üçin taýarlyklaryň tamamlanandygy bellenen beýanatda, hüjümiň nähili görnüşde boljakdygy barada maglumat berilmedi, Eýranda adamyň janyna kast etmek operasiýalary ýa-da giň gerimli elektron hüjümleriniň bolup biljekdigi bellendi.

Ysraýylyň Baş ştabynyň başlygy Herzi Halewi Eýranyň howa hüjümine garşylyk görkeziljekdigini mälim etdi.

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanata görä, Herzi Halewi Eýranyň 13-nji aprelde guran hüjüminde kiçiräk görnüşde zyýan ýetendigi aýdylan Newatim howa bazasyna baryp gördi.

Herzi Halewi ol ýerde eden çykyşynda: "Öňümize seredýäris, ädimlerimizi pikir edýäris we bular ýaly köp raketanyň, ganatly raketanyň we uçarmansyz howa ulagyny Ysraýylyň territoriýasyna uçurylmagyna jogap beriler" diýip belledi.

Ysraýylyň Eýranyň Damask şäherindäki konsullyk binasyna 1-nji aprelde hüjüm gurapdy, Eýranyň Ynkylap goragçylaryndan 2-si general çinli harby bolan jemi 7 adam ýogalypdy.

Eýran Ysraýylyň konsullyk binasyna hüjüm guramagynyň ýurdunyň territoriýasynyň çäklerine hüjüm guramak manysyna gelýändigini we garşylyk görkezjekdiklerini habar beripdi.

Ysraýyl hem Eýranyň hüjümlerine garşylyk görkezjekdigini beýan edipdi.

Eýran Ysraýyla ýüzlerçe kamikaze uçarmansyz howa ulagy, ballistik we ganatly rekatalar bilen hüjüm gurapdy, käbir harby nyşanalara hüjüm guralandygyny habar beripdi.

Ysraýyl bolsa hüjümleriň aglabasynyň howa goranyş ulgamy tarapyndan öňüniň alynandygyny, emma ýurduň günortasyndaky harby bazalaryň birine raketa degendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy
Damaskda Bolan Partlamanyň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Damaskda Motosiklede Goýlan Bomba Ýaryldy
Ysraýylyň, Siriýa Howa Hüjümini Gurandygy Öňe Sürüldi