Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi

Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň harby güýçleriniň Beytüllahim şäheriniň günbataryndaky Bettir etrapçasynyň girelgesinde 35 ýaşyndaky Rami Raşid al-Bathanyň döşüne we garnyna ot açandygy mälim edildi.

Beýanatda Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli toparlaryň palestinalyny hassahana alyp gaýtmak üçin wakanyň bolan ýerine barandygy, emma ysraýylly esgerleriň olara böwet bolandygy aýan edildi.

Tiz kömek ulagynda ýogalan palestinalynyň jesediniň häzirki wagtda hem Ysraýylyň harby güýçleriniň elindedigi habar berildi.

Şeýlelik bilen Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklaryň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeria bilen Gündogar Iýerusalimde Ysraýylyň harby güýçleri bilen bikanun jöhit ýaşaýjylaryň hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 392 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Rami Kitaphanasy Dabaraly Ýagdaýda Açyldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy