Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär

Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär

Ysraýylyň goşuny howadan we deňizden guran hüjümleri bilen Gazadaky Al-Megazi bosgun düşelgesinde ýerleşýän UNRWA degişli mekdepleriň birini nyşana aldy. Hüjümde azyndan 4 palestinaly ýogaldy, ençeme adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlary Gaza sektorynyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde hem Ysraýylyň hüjümlerinden gaçan palestinalylaryň sygynan öýleriň birine hüjüm gurady.

Hüjümde aglabasy çaga bolan azyndan 12 palestinaly ýogaldy, 50 adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde hem reýdler geçirýär.

Ysraýylly esgerleriň Jenin şäherine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjümidne 4-si şol bir maşgaladan bolan 6 palestinaly ýogaldy.

Nablus, Beýtüllahim, Selfit we Gündogar Iýerusalimde geçirilen reýdlerde 22 palestinaly göz tussaglygyna alyndy, öýlerine zeper ýetirildi.

Gaza garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde göz tussaglygyna alynan palestinalylaryň sanynyň 5 müň 680 adama ýetendigi mälim edildi.

Ysraýyldaky tussaghanalarda palestinaly ýesirleriň sanynyň 8 müň 800-e ýetendigi aýan edildi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Ysraýylyň Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 22 müň 722 adamdan, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 58 müň 166 adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 20 müň adamdan geçdi
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Rafaha Guralýan Hüjümler Dowam Eder
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Ysraýylyň harby güýçleri ýene-de 20 palestinalyny göz tussaglygyna aldy