Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 304 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran hüjümlerinde ýene-de 40 palestinalynyň ýogalandygy, ençeme palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 623 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 91 müň 469 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar