Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 226 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 8 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 70 palestinalynyň ýogalandygy, 110 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 456 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 79 müň 476 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň jemi jemlendi
Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de üç palestinaly öldürildi
Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar