Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 19 gün boldy

Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy başladan hüjümlerine 19 gün boldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen maglumata görä, Gazanyň günbataryndaky Şaty bosgun düşelgesindäki öýleriň birine guralan hüjümiň netijesinde köp sanda adam ýogaldy we ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlary Nusaýrat bosgun düşelgesindäki al-Ferej metjidiniň golaýyna, Han Ýunusyň gündogaryndaky Beni Sehile, Zeýtun etrapçalaryna, Italiýan binasynyň golaýyndaky öýleriň birine, Iýerusalim hassahanasynyň golaýyndaky al-Helis binasyna garşy hüjümler guradylar.

Sebitdäki çeşmelerden alynan maglumata görä, Gazadaky Han Ýunus şäheriniň günortasyndaky Kizan an-Nejjar sebitinde "Beýik Maşgalasyna" degişli öýe howa hüjümi guraldy. Hüjümde 6 adam ýogaldy.

Aksa telewideniýe kanaly Gazadaky al-Jela köçesiniň ugrundaku Hyttin metjidiniň hem Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalanandygyny habar berdi.

Gazanyň Müsüriň golaýyndaky Rafah şäherinde Abu Saud maşgalasyna degişli öý Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalandy. Hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy aýan edildi.

Ysraýylyň goşunynyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Jenin şäherine harby uçarlaryň ýoldaşlyk etmeginde guran hüjüminde 4 palestinaly ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. Hüjüm bilen bir wagtda şeýle hem şäheriň elektrik toklary kesildi. Ysraýyl bilen palestinaly toparlaryň arasynda ýaragly çaknyşyklar ýüze çykdy.

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Gazadan guralan hüjümlerde şu günki güne çenli 308-i esger jemi 1400 ysraýylly ýogaldy, 5 müň 132 ysraýylly bolsa ýaralandy.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde 2 müň 360-y çaga we 1292-si zenan jemi 5 müň 791 adamyň ýogalandygyny, 16 müň 297 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýene-de Bir Žurnalist Öldürildi
Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Ysraýylyň Liwana Guran Howa Hüjüminde 3 Adam Ýaralandy
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýyl Düýn Gije Ýene-de Onlarça Palestinalyny Öldürdi
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär