Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Halkara Kazyýetiň Gaza zolagynyň Rafah şäherine garşy hüjümleriň dessine bes edilmelidigi baradaky kararyny äsgermeýän Ysraýyl, düýn gijäniň dowamynda Gaza zolagynyň tapawtly sebitlerine harby uçarlar, toplar we tanklar bilen hüjüm gurady.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 984 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 80 müň 643 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 233 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 8 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 81 palestinalynyň ýogalandygy, 223 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 984 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 80 müň 643 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Ysraýylyň ykdysadyýeti Gaza genosidi sebäpli iki ýylda 57 milliard dollar ýitirdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Diňle: Gaza baý ýurtda gaz tölegini edip bilmeýän maşgala köpelýär