Ýun Sok Ýol Günorta Koreýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ýun Sok Ýol Günorta Koreýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

“Raýat güýji” oppozision partiýasyndan Koreýa Respublikasynyň prezidentligine dalaşgär Ýun Sok Ýol saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu barada Merkezi saýlaw komissiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ýun Sok Ýol 48,56% ses, onuň esasy bäsdeşi dolandyryjy Demokratik partiýa “Toburodan” Li Çže Mýon bolsa 47,83% ses aldy. Prezidentlik bäsleşiginde üçünji orunda bolan Sim San Çžon saýlawçylaryň sesiniň 2,37%-ini aldy. Saýlawlara gatnaşanlaryň sany 77,1% boldy, hasaba alnan 44,19 million saýlawçydan 34 milliondan gowragy ses berdi.

Saýlanan prezident Milli mejlisde (parlament) partiýanyň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş etmek bilen ýurduň raýatlarynyň agzybirligini berkitmegi baş maksady hasaplaýandygyny aýtdy. Ol tarapdarlaryna goldaw berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýun Sok Ýol döwlet baştutany wezipesinde “oppozisiýa bilen bilelikde işleşip, halka hyzmat edip Konstitusiýanyň we Milli mejlisiň ruhuna hormat goýjakdygyny” aýtdy. Ol özüniň saýlanmagyny “beýik adamlaryň ýeňşi” diýip atlandyrdy.

Li Çže Mýon özüniň ýeňlendigini boýun alyp, garşydaşyny gutlady. “Men elimden gelenini etdim, ýöne garaşylanyny ödäp bilmedim” diýip, ol aýtdy.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Putine Kime ulag sowgat berdi
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Yrakdaky we Siriýadaky Operasiýalardan Şehit Habary Geldi
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Wolkanowski Koreý Zombisini ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady