ÝUNESKO-dan çagyryş: Öýjükli telefonlar mekdeplerde gadagan edilmeli

ÝUNESKO-dan çagyryş: Öýjükli telefonlar mekdeplerde gadagan edilmeli

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet guramasy ÝUNESKO tarapyndan eýýäm 18 ýyl bäri çap edilýän Global Bilime gözegçilik habarnamasynda şu ýyl ykjam telefonlaryň gadagan edilmegi barada çagyryş berildi.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda ÝUNESKO-nyň şu ýylky Global Bilime gözegçilik habarnamasynda ykjam telefonlaryň gadagançylygynyň öň hatara çykarylmagynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet guramasy ÝUNESKO tarapyndan çap edilen habarnama görä, ykjam telefony aşa derejede ulanylmagy okuw görkezijileri bilen gönüden baglanşyklydyr. Ençeme sagada baryp ýetýän ekrana tomaşa etmek wagtynyň bolsa çagalaryň emosional durnuklylygyna garşy oňaýsyz bir täsire eýedigi barada subutnamalar bar. ÝUNESKO öýjükli telefonlaryň mekdeplerde gadagdan edilmegini maslahat berýär.

Habarnama sanly tehnologiýanyň elmydama halka gönükdirilen bilim maksatnamasyna eýe bolmalydygyny we hiç bir wagt mugallymlar bilen ýüzbe-ýüz okamagyň ýerini almaly däldigini nygtaýar.

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule: “Sanly ynkylap ölçäp bolmajak mümkinçilige eýedir, emma jemgyýetde nähili düzgünleşdirmegiň gerekdigi bilen bagly duýduryşlarda bellenilip geçilşi ýaly, bilimde ulanmak şekile meňzeş üns berilmelidir” diýip belledi.

Dünýä döwletleriniň 14 göteriminiň öýjükli telefonlary gadagan edýän syýasatlary bar

ÝUNESKO-nyň global öýjükli telefon gadagançylygy teklibi aslyna garanyňda, häzirki wagtda ençeme ýurtda kanuny ýagdaýda durmuşa geçirilýär.Fransiýa 2018-nji ýylda mekdeplerde öýjükli telefonlary kanuny ýagdaýda gadagan edýän ilkinji ýurt boldy.

Gwineýa 2021-nji ýylda şol bir ýoly durmuşa geçirildi.Latwiýa, Meksika, Portugaliýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, ABŞ, Kanada we Şotlandiýa ýaly döwletler hem bölekleýin häsýetde ýa-da doly ýagdaýda gadagan etdiler.

Bangladeş tapawutly bir ýoly amala aşyrdy. 2011-nji ýylda ykjam telefonlary synplarda okuwçylaryň ýerine, mugallymlara gadagançylyk getirdi. 2017-nji ýylda bolsa hem okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň öýjükli telefonlaryny synplara getirmeklerini gadagan etdi.

Täjigistanyň Bilim kanunynyň 25-nji maddasyna laýyklykda başlangyç synp we orta synp mekdeplerde okuwçylar tarapyndan öýjükli telefonlaryň ulanylmagy gadagan edildi. Özbegistanda mekdeplere girilen mahaly ähli enjamlar ýapylmalydyr.

2024-nji ýylda mekdeplerde öýjükli telefonlary gadagan etjek ýurtlaryň hatarynda Finlýandiýa we Gollandiýa bolar.

Akylly enjamlaryň ulanylmagy öndürijiligi peseldýär

PISA ýaly uly derejeli we halkara derejelendiriş guramalaryndan alynan maglumatlaryň ulanylyp geçirilen ylmy-işler, öýjükli telefona bolan garaşlylygyň umuman alanyňda akademiki öndürijilik bilen baglanşyklydygyny orta goýdy.

Belgiýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada geçirilen ylmy-derňewler öýjükli telefonlary mekdeplerde gadagan etmegiň esasan hem pes öndürijilik görkezýän okuwçylar üçin akademiki öndürijiligi artdyrýandygyny subut etdi.

Türkiyedäki mekdeplerde öýjükli telefonlaryň gadagan edilmegini Mugallymlar geňeşi kesgitleýär

Türkiyede bolsa 2019-njy ýylda Resmi Gazetde çap edilen karar bilen Milli Bilim ministrliginiň orta mekdep guramalarynyň düzgünleriniň ençeme maddasy üýtgedildi.

Şolaryň okuwçylar taýdan ünsleri özüne çekiji iň möhüm karar bolsa öýjükli telefonlaryň gadagan edilmegi boldy.

Düzgünnama laýyklykda ses we wideo bellige almak aýratynlygy bolan öýjükli telefonlar, kameralar, planşetler, kompýuterler, akylly sagatlar we şoňa meňzeş enjamlar hökmünde häsýetlendirilýän we dersiň arasyndaky arakesmelerde öýjükli telefonlaryň ulanylyp-ulanylmajakdygy bilen bagly karar mekdebiň dolanşygyna baglydyr.

Ders wagty öýjükli telefonlaryň ulanylyp-ulanylmajakdygyny bolsa Mugallymlar geňeşi kesgitleýär.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda ÝUNESKO-nyň şu ýylky Global Bilime gözegçilik habarnamasynda ykjam telefonlaryň gadagançylygynyň öň hatara çykarylmagynyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Akylly sagatlar: artykmaçlykmy ýa-da howpmy?
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Artykmaç gaplaýarysmy?
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?