ÝUNISEF-iň täze ýerini ýetiriji direktory bellenildi

ÝUNISEF-iň täze ýerini ýetiriji direktory bellenildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) täze ýerine ýetiriji direktory wezipesine Ketrin Rassel bellenildi. Ol ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilişine görä, guramanyň 75 ýyllyk taryhynda oňa ýolbaşçylyk edýän sekizinji direktordyr.

Ketrin Rassel Boston kollejinde filosofiýa boýunça bakalawr derejesini, şeýle hem Jorj Waşington adyndaky hukuk mekdebinde hukuk ylymlarynyň doktory diýen derejäni aldy. Guramanyň täze direktory öz hünär ýolunda birnäçe döwlet edaralarynda hem-de häkimýete degişli bolmadyk guramalarda zähmet çekdi.

Häzirki ýagdaýly döwürde maňa ÝUNISEF-e birikmek bilen, çagalaryň gyzyklanmalaryna laýyklykda iş alyp barmak, bu işe ýolbaşçylyk etmek uly hormat we sarpadyr. Şol bir wagtyň özünde Ýer ýüzünde millionlarça çagalaryň COVID-19 pandemiýasyndan we beýleki çökgünliklerden ejir çekýän mahalynda ÝUNISEF olaryň hukuklaryny we geljegini goramakda uly işleriň başlangyjy bolup durýar.

Men geljekki işime sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn diýip, Ketrin Rassel belläp geçýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy 1994-nji ýyldan bäri ýurduň hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýar hem-de Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň hem-de Maýyp şahslaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň çäklerinde çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly borçnamalaryny ýerine ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
35 ýyllyk rekord täzelendi
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy